Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Amerikaly dünýäde iň köp kerpiç toplumynyň eýesi boldy

14:5719.02.2025
0
20964

ABŞ-nyň Oklahoma ştatyndan bolan 87 ýaşly Klem Reýnkemaýer dünýäde iň uly kerpiç kolleksiýasynyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Onuň 40 ýyly öz içine alýan toplumynda kerpiçleriň 8882-den hem gowrak nusgalygy bar. Olaryň arasynda hatda biziň eýýamymyzdan öňki 100-nji ýyla degişli bolan rim kerpijini hem synlamak bolýar. Emma kerpiçleriň agramly bölegi olaryň önümçiliginiň iň ýokary derejede ösen 1870-nji ýyldan 1910-njy ýyla çenli aralygy öz içine alýar diýlip, habarda bellenýär.

«Ýokary gyzgynlyga çydamly bolan toýundan ýasalan kerpiçler aýratyn islegli ekeni, sebäbi her öýde peç bolupdyr» diýip, toplaýjy gürrüň berýär.

Iň gymmatly eksponatlaryň arasynda dürs ýazuw kadalary bozulan kerpiçler bar, mysal üçin, «Talsa» şäheriniň ady ýalňyş ýazylypdyr. «Oklahomada ýalňyş ýazuwly kerpiçler has köp duşýar, nämüçin beýle, bilmeýärin» diýip, Reýnkemaýer gürrüň berýär. Onuň iň aýawly saklaýan kerpiçleri Waşingtondaky häzirki Pentagonyň ýerleşýän ýerinde bolan kärhanada öndürilen kerpiçlerdir.

Gymmatly toplumyň eýesi özüni her bir kerpijiň taryhynyň imrindirýändigini gürrüň berýär. «Kerpiçleriň atlaryny okap, olaryň gelip çykyşyny anyklamak mümkin. Bu iş meni hemişe özüne çekýärdi. Bu geň güýmenje, emma maňa ýaraýar» diýip, erkek kişi sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň