Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy jenap Mahamane Sisse-Guronyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we geljekde ony ösdürmegiň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanda adam hukuklary babatda borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen alnyp barylýan işlere, hususan-da, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Myhmanlar Türkmenistan bilen adam hukuklary babatda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler we geljekde bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe taýýardyklaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu çygyrda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen alnyp barylýan bilelikdäki işlere aýratyn ähmiýet berdiler.