Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nobel baýragynyň eýesi buzluklardaky howply ýokançlar barada pikirini paýlaşdy

10:4617.02.2025
0
17312
Nobel baýragynyň eýesi buzluklardaky howply ýokançlar barada pikirini paýlaşdy
Surat: Gazeta.ru

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi, BMG-niň Baş sekretarynyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça öňki geňeşçisi Raýe Kwon Çung «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde adamzadyň buzluklaryň hem-de baky doňaklygyň eremeginden soňra ýaýrap biljek wiruslara taýýar däldigini aýtdy. Ol mysal hökmünde baky doňaklykda saklanyp biljek sibir başy baradaky jedelleri getirdi.

«Biz hatda ol ýerde nähili ýokançlaryň bardygyny bilmeýäris» diýip, alym nygtady. Ol şeýle näbelli wiruslaryň Kanadanyň demirgazyk bölegindäki we Russiýadaky Grenlandiýanyň baky doňaklygynda saklanyp galan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Ol ýokançlar buzluk eräýen halatynda azatlyga çykyp bilerler we adamzat olar bilen duşuşyga taýýar däl diýip, Çung sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň