Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda ilatyň arasynda sagdyn durmuşy goldamak barada çäreler güýçlendiriler

17:1914.02.2025
0
18505
Özbegistanda ilatyň arasynda sagdyn durmuşy goldamak barada çäreler güýçlendiriler
Surat: Daryo.uz

Özbegistanda «Sagdyn adam — sagdyn jemgyýet» atly iri göwrümli çäre badalga alýar. 13-nji fewralda Prezidentiň başlyklyk etmeginde geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlisde bu ugurdaky başlangyç bilen tanyşdyryldy diýip, «Daryo.uz» ýazýar.

Geçirilen barlaglara görä, ýurduň raýatlarynyň 44 göterimi az hereket edýärler, 36 göterimi kadaly iýmitlenmeýär. Hünärmenler däneli, kösükli, miwe we gök-bakja önümleriň sarp edilişiniň pese gaçandygyny, tersine duzuň we şekeriň kän sarp edilip başlanandygyny belleýärler. Netijede, ilatyň 56 göterimi artyk agramlylykdan ejir çekýär, 38 göteriminde bolsa gan basyşy bilen bagly meseleler hasaba alyndy. Ýokanç däl keseller irki ölümliligiň sebäbine öwrülýär.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň wagyz edilmegini göz öňünde tutýan täze maksatnamada bu ugurda wajyp bolan birnäçe çäreler bellenildi. Olaryň hatarynda ýylyň jemleri boýunça iň işjeň maşgalalar türgenleşik enjamlaryny sowgat alarlar, iň ýokary fiziki işjeňlik görkezip tapawutlanan mähellelerde bolsa, häzirki zaman sport meýdançalary bina ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň