Beýik Britaniýanyň Hökümeti tutuş ýurt boýunça täze görnüşdäki 12 sany şäher gurmakçy. Bu barada ýurduň Hökümet başlygy Kir Starmere salgylanýan «The Guardian» neşiri habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Starmeriň sözlerine görä, şeýle iri gurluşyklar ýüz müňlerçe işçiler we maşgalalar üçin peýdaly bolar. Premýer-ministriň edarasy munuň uruşdan soňky döwürden bäri iň uly ýaşaýyş gurluşyk maksatnamasy boljakdygyny nygtaýar.
Täze şäherler üçin Angliýada 100-den gowrak ýerler göz öňünde tutulýar. Her 12 ilatly nokatda azyndan 10 müň sany täze jaýlar gurlar. Tiz wagtda olarda hassahanalar, mekdepler we jemgyýetçilik ulag düzümi peýda bolar.