Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNISEF-niň durmuş işi boýunça halkara derejeli maslahatçysynyň gatnaşmagynda okuwlar geçirilýär

09:3112.02.2025
0
13568
Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNISEF-niň durmuş işi boýunça halkara derejeli maslahatçysynyň gatnaşmagynda okuwlar geçirilýär
Surat: education.gov.tm

10 — 12-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNISEF-niň durmuş işi boýunça halkara derejeli maslahatçysy, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň dosenti, durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Salome Namiçeişwiliniň gatnaşmagynda okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynda okadyljak dersler boýunça mugallymlar bilen okuwlar geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen okuwa ÝUNISEF-niň durmuş syýasaty boýunça baş hünärmeni Aýsenem Agabaýewa, şeýle hem uniwersitetiň psihologiýa kafedrasynyň, jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri, Aşgabat şäherindäki durmuş işi boýunça jogapkär hünärmenler gatnaşdylar.
«Jemgyýetçilik iş usullary — jemgyýetçilik iş usullaryny öwretmekde innowasion çemeleşmeler» diýen temada geçirilen birinji günki okuw mugallymlaryň hünär başarnyklaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, bilim berlişiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, geçirilýän okuwlaryň maksady durmuş işi boýunça okuw maksatnamalaryny taýýarlamaga we okatmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga milli hünärmenlere ýardam bermekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň