Türkmenistanyň ýygyndysy Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionatynyň ikinji tapgyrynda Özbegistandan asgyn geldi. Duşenbe şäherinde geçirilen oýun 6:3 hasabynda özbegistanly futzalçylaryň peýdasyna tamamlandy.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Leýli Atajanowa, Mariýa Çaryýewa hem-de Perwana Kurbanowa dagy tapawutlandylar.
Ikinji tapgyryň beýleki oýnunda Gyrgyzystan 3:0 hasabynda Täjigistany ýeňlişe sezewar etdi.
Türkmenistanyň ýygyndysy 3-nji tapgyrda Täjigistanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.
Mundan ozal, Kamil Mingazowdan tälim alýan türkmen ýygyndysy ýaryşyň birinji tapgyrynda Gyrgyzystan bilen 1:1 hasabynda deň oýnapdy.
Ýaryşa Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary gatnaşýarlar. Aýlaw görnüşinde geçirilýän turniriň ýeňijisi utuklaryň sany boýunça kesgitleniler.
Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionaty indi dördünji gezek geçirilýär. 2022-nji ýylda esaslandyrylan bu ýaryş mundan ozal 2022-nji we 2024-nji ýyllarda Duşenbe şäherinde, 2023-nji ýylda bolsa Daşkentde geçirilipdi. Ozalky turnirleriň ählisinde Eýranyň zenanlar ýygyndysy çempion bolmagy başardy.