Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli arzuwlar hem-de mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti Bernardo Arewalo de Leonyň türkmen döwletiniň Baştutanyna iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Gwatemala Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary hem-de ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy.
Ilçä milli parlamentiň düzümi we onuň işi, hususan-da, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri barada-da gürrüň berildi.
Diplomat Türkmenistanda Gwatemala Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.