Türkmenistanyň paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan Yslam rewolýusiýasynyň ýeňiş güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Dabaraly çäräni açyp, Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda dostlukly döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygyň möçberi 470 million amerikan dollaryna golaý bolup, iki ýurt hem hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda işjeň işleýärler. Ilçi wekiliýetleriň yzygiderli saparlarynyň amala aşyrylyp durulmagy, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda resminamalara gol çekilmegi, şeýle hem Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça üstaşyr arabaglanyşygyň işjeňleşdirilmegi we energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ýaly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mehanizmleriniň möhümdigini nygtady.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň halkyny bu şanly baýram bilen gutlady. Ol şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň prezidenti Mesud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşligiň bolandygy barada habar berdi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň prezidentini baýram bilen gutlady we Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli gutlaglaryny ýetirdi.
Dabaraly çäräniň resmi böleginden soň myhmanlar üçin baýramçylyk agşamlygy gurnaldy. Çärä diplomatik korpusyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistandaky eýran diasporasynyň agzalary gatnaşdylar.