Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda serhetleri dolandyrmagyň toplumlaýyn strategiýasyna bagyşlanylan maslahat geçirildi

17:0110.02.2025
0
17291
Aşgabatda serhetleri dolandyrmagyň toplumlaýyn strategiýasyna bagyşlanylan maslahat geçirildi
Surat: orient.tm

3 — 7-nji fewral aralygynda Aşgabat şäherinde serhetleri dolandyrmagyň toplumlaýyn strategiýasyny we ony durmuşa geçirmek meýilnamasyny düzmek boýunça milli maslahat geçirildi. Maslahat Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek merkezi bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu barada «Orient» habar berdi.

Maslahata gatnaşyjylar serhetleriň howpsuzlygyna toplumlaýyn çemeleşmegiň artykmaçlyklaryny giňişleýin öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Serhetleri dolandyrmagyň toplumlaýyn strategiýasy töwekgelçilikleri we howplary kesgitleýär. Şeýlelikde, degişli edaralara serhetara jenaýatçylyga garşy göreşde ýardam edýär. Bu strategiýa hyzmatdaşlygyň netijeli mehanizmlerini döretmek, şeýle hem bikanun migrasiýa we adam söwdasy, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň kontrabandasy we beýleki serhetara howplar ýaly howpsuzlyk meselelerini çözmek üçin milli düzümleri ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň