Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bereket şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynda bir aýlyk meýilnama 108 göterim ýerine ýetirildi

12:2310.02.2025
0
22247

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynda 2025-nji ýylyň birinji aýynyň meýilnamasy 108 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde zähmet çekýän çeper elli gelin-gyzlar şu ýylyň birinji aýynda dürli ölçeglerdäki haly önümleriniň jemi 261 inedördül metrini dokap, tabşyrygy artygy bilen berjaý etdiler.

Ýanwar aýynda pul hasabynda 531 müň manatlykdan gowrak işlere amal edildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada bu ugurda gazanylan ösüşiň 131 göterim bolandygyndan habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň