«ВиБи Образование» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti 2025-2026-njy okuw ýylynda Belarus Respublikasynyň abraýly uniwersitetlerine okuwa girmegi meýilleşdirýän türkmenistanly dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edişliginiň başlanandygyny habar berýär. Bu gurama Belarusyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň resmi wekili hökmünde çykyş edýär we dalaşgärlere okuwa girmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.
Kompaniýa geljekki talyplar üçin zerur resminamalary we çakylyklary taýýarlamagy, wizany resmileşdirmekde kömegi, şeýle hem şahsy maslahatlary öz içine alýan hemmetaraplaýyn goldawy kepillendirýär. Dalaşgärlere amatlylyk üçin Minsk şäheriniň howa menzilinde garşy almak, umumy ýaşaýyş jaýyna mugt alyp gelmek we ýerleşdirmek hyzmatlary göz öňünde tutulandyr.
Maý aýynyň ikinji ýarymynda Belarus uniwersitetleriniň kabul ediş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda söhbetdeşlik geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi dalaşgärlere okuw maksatnamalary barada gönüden-göni bilim edaralarynyň wekillerinden anyk maglumatlary almaga mümkinçilik döreder.
«ВиБи Образование» JÇJ häzirki zaman okuw maksatnamalaryny, halkara taslamalaryna gatnaşmaga mümkinçiligi we okuw üçin elýeterli tölegleri hödürleýän uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Has anyk maglumatlary we maslahatlary almak üçin şu telefonlar arkaly ýüz tutup bilersiňiz:
Elektron poçta salgysy: vbgroup.education@gmail.com.
Sosial ulgamdaky sahypasy.