Türkmenistanyň ýygyndysy Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilýän IX Aziýa Gyşky oýunlarynyň hokkeý boýunça erkekleriň arasyndaky ýaryşynda 9-10-njy orunlar üçin oýunda Kuweýtiň ýygyndysy bilen oýnar. Duşuşyk 10-njy fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da başlanar.
Hokkeý boýunça ýaryş Harbin şäherinde geçirilýän IX Aziýa Gyşky oýunlarynyň resmi açylyşyndan 4 gün ozal başlandy. Türkmen hokkeýçileri toparçalaýyn tapgyrda iki gezek uly hasapda ýeňiş gazandylar. Has takygy, Hytaý Makaosy 26:0, Hindistan 19:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edildi. Toparçalaýyn tapgyryň ahyrky oýnunda türkmen ýygyndysy Gonkongdan 5:1 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, indi Türkmenistan 9-10-njy orunlar üçin Kuweýt bilen güýç synanyşar. Ýeri gelende Kuweýtiň toparçalaýyn tapgyryň ahyryky oýnunda Bahreýni turnirdäki iň uly aratapawut bilen 34:0 hasabynda ýeňendigini bellemek gerek.