Angliýanyň «Mançester Siti» toparynyň düzüminde ilkinji gezek Merkezi Aziýadan bolan oýunçy gol urdy. Has takygy, «Mançester Siti» Angliýanyň Kubogynyň dördünji tapgyrynda myhmançylykda «Leýton Oriýent» topary bilen güýç synanyşdy. Ilki bilen, 16-njy minutda ýer eýeleri «Sitiniň» derwezeçisi Orteganyň awtogoly bilen öňe saýlandylar. Duşuşygyň ikinji ýarymynda ätiýaçdan oýna goşulan «Sitiniň» özbegistanly goragçysy Abdukodir Husanow 56-njy minutda hasaby deňledi. Şol pursatda derwezä depilen top Husanowa degip ugruny üýtgetdi hem-de gol özbek oýunçysynyň adyna ýazyldy. 79-njy minutda Kewin de Brýuýne tarapyndan urlan gol bolsa «Mançester Sitä» ýeňşi sowgat etdi.
Ýeri gelende bellesek, Abdukodir Husanow diňe «Mançester Sitiniň» däl, eýsem, Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş edýän toparlaryň düzüminde gol uran ilkinji Merkezi Aziýadan bolan oýunçy hökmünde taryha girdi. Ol «Sitiniň» düzümine şu gyşda Fransiýanyň «Lans» toparyndan gelip goşuldy.
