Hindistanda erkekler öýsüz itiň doglan gününi uly şowhun bilen bellediler diýip, NDTV teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Internetde birnäçe erkek kişiniň Lýudo lakamly ykmanda köpegiň doglan gününi uly şatlyk-şowhuna besläp belleýişleriniň wideosy meşhurlyk gazandy. Wideo ýurduň Dewas şäherinde surata düşürilipdir, onda ýigitleriň iti ulagda şähere aýlaýyşlary, ony şirin nan bilen hezzetleýişleri, hormatyna feýerwerk atyşlary görünýär. Ýoluň ýakasynda bolsa, iti doglan güni bilen gutlaýan uly tagtalar dikilipdir. Soňra ýigitler itiň üstüne gül sepeleýärler, boýnuna gül dessesini dakýarlar.
Wideo möhüm çagyryş bilen tamamlanýar: ýigitler adamlary öýsüz haýwanlar barada alada etmäge we olary goramaga çagyrýarlar. Wideogörnüşlere internetde tomaşa edenler ýigitleriň ýagşy işine haýran galýandyklary barada ýürek sözlerini ýazýarlar. Emma iti şirin nan bilen naharlamagy bes etmegi haýyş edýänler hem bar, olaryň pikiriçe, munuň itiň saglygy üçin zyýanly bolmagy mümkin.