Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Adam beýnisinde ilkinji gezek mikroplastik tapyldy

16:4406.02.2025
0
18691
Adam beýnisinde ilkinji gezek mikroplastik tapyldy
Surat: gazeta.ru

Alymlar ilkinji gezek adam beýnisiniň öýjüklerinde mikroplastigi tapdylar we bu adam saglygy babatda çynlakaý howatyrlanma döredýär. Bu barada täze ylmy barlaglara salgylanýan CNN habar berdi diýip, «caliber.az» ýazýar.

«Bu açyş ylmy jemgyýetçiligiň öňünde plastigiň nähili ýol bilen bedene aralaşýandygy we onuň nerw ulgamy babatda nähili netijelere getirip biljekdigi bilen bagly täze sowallary keserdýär» diýip, alymlar aýdýarlar. Olaryň maglumatlaryna görä, plastigiň bölejikleri ylmy barlaglara gatnaşdyrylan birnäçe onlarça adamyň beýnileriniň öýjüklerinden tapyldy. Her bir adamdan tapylan plastigiň möçberi bir çaý çemçesine ýeterlik bolar diýip, olar belleýärler.

Göwrümi 5 mm bolan plastigiň bölejikleri köpden bäri howada, suwda we azykda duşýar. Emma onuň adam beýnisinde duşmagy ilkinji gezekdir. Hünärmenler olaryň dem alyş ýollary ýa-da aşgazan-içege ulgamy, soňra ganyň üsti bilen beýnä aralaşmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Öň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy daşky gurşawyň plastik bilen hapalanmagynyň netijelerini içgin öwrenmäge çagyrypdy. Täze barlaglar plastigiň ulanylmagyny azaltmak we ekoulgamy goramak boýunça gyssagly çäreleri görmek meselesine has çynlakaý çemeleşmäge borçly edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň