Ispaniýanyň Hökümeti telekeçileriň nägilelik bildirmegine garamazdan, resmi iş hepdesini 40 sagat bolmagyndan 37,5 sagada çenli gysgaltmak kararyna geldi. Bu barada ýurduň zähmet ministri Iolanda Diasa salgylanýan «Reuters» habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Ministriň sözlerine görä, başlangyç «gowy ýaşamak, az zähmet çekmek we ykdysadyýet babatda has öndürijilikli hem-de täsirli bolmak maksady bilen» girizildi. Indi başlangyja Ispaniýanyň Parlamentinde garalar.
Öň ýurduň telekeçileri iş hepdesiniň gysgaldylmagynyň kompaniýalar üçin kynçylyklary döretjekdigini hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny pese düşürjekdigini duýdurypdylar.