Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima bilen duşuşygy boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Akihisa Nagaşimanyň amala aşyrýan bu saparynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant boljakdygyna ynam bildirip, saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edendigini belledi we bu başlangyjy goldandygy üçin Ýaponiýa minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda ýokary derejedäki halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we ýapon tarapyny bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda işjeň ösdürilýär.