Hytaýly zenan başga birini satan öňki öýünde ýedi ýyllap gizlin ýaşady. Onuň ýaşaýan sümelgesini täze öý eýeleri ýerzemini arassalaýarkalar tötänden tapdylar. Zenanyň şunça ýyllap öý eýelerinden gizlenmegi başarandygy syr bolmagynda galýar diýip, «360» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Li familiýaly erkek kişiniň maşgalasy öýi 2018-nji ýylda satyn aldy. Şol wagt olar öý üçin 2 million ýuan tölediler. Öý oňat abatlandy, ol ulag gatnawy üçin amatly ýerde ýerleşýärdi.
Aradan ýedi ýyl geçensoň, Li öýüň içindäki basgançagyň aşagynda gizlin gapyny gördi. Ol ýerzemine eltýärdi, ýerzeminiň bardygyny öý eýeleri asla bilmeýärdiler. Li ol ýerde serginlediji ulgamyň ornaşdyrylandygyny, hatda kiçeňräk garbanyşhananyň hem bardygyny gördi.
Erkek kişi Çžan familiýaly öňki öý eýesi zenana jaň etdi hem-de oňa ýerzemin barada aýtmandygyndan nägilelik bildirdi. Çžan öz nobatynda ýerzeminiň öýüň bahasyna girmeýändigini, onuň özüniň dynç alýan hususy ýeridigini aýtdy.
Çžanyň ýerzemine nädip gatnandygy belli däl, belki onuň ätiýaçlyk açary bolandyr. Li onuň üstünden kazyýete ýüz tutdy. Kazyýet öýüň öňki eýesi Liniň tarapyny tutdy we ony Çžana öweztölegini tölemeli etdi.