Gazagystanyň Ulag ministrligi Aktau şäheriniň howa menziliniň golaýynda AZAL uçarynyň ýykylmagy barada deslapky hasabaty çap etdi.
Hasabata görä, uçarda sagat 05:13:31-de birinji sesli urgy hasaba alyndy, sagat 05:13:34-de 3-nji gidroulgamda suwuklygyň derejesi we basyş pese gaçdy. Dolandyryş desseleri tä uçuşyň ahyryna çenli nol ýagdaýda saklandy.
Munuň yzysüre howa gämisiniň beýleki ulgamlary hatardan çykyp başlady. Birnäçe sekuntdan soňra ikinji sesli urgy boldy. Mundan bir minut soňra gäminiň kapitany içerki aragatnaşyk boýunça ýagdaýy anyklamak üçin kabina ekipažy bilen habarlaşdy. Uçaryň ýolbeledi oňa iki oturgyjyň partlandygyny we ýolagçylary başga orunlara geçirýändigini habar berdi.
Munuň yzysüre uçaryň ekipažy guşlar bilen çaknyşandyklary we orunlaryň partlandygy barada Groznyý şäherindäki uçuşlary dolandyryjy diňe habar berdi. Ol birnäçe gezek Mahaçgala, Mineralnyýe Wody, Baku we Aktau şäherlerinde howanyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Diňe sagat 06:02:47-de uçaryň ekipažy ilkinji halkara heläkçilik duýduryşyny berdi, onda dolandyryjylaryň hatardan çykandygy aýdylyp, heläkçilik gonuşyny amala aşyrmaga rugsat soralýardy. Uçaryň ýer bilen çaknyşygy sagat 06:27:58-de bellige alyndy.
Hasabatyň netijenamasynda toparyň derňewi dowam etdirýändigi we laýneriň zeper ýeten ýerleriniň jikme-jik öwreniljekdigi aýdylýar.
Şeýle-de uçaryň çep hereketlendirijisinde we çep ganatynda, onuň agregatlarynda we düzüm böleklerinde zeper ýeten ýerleriň bardygy habar berilýär. Olaryň käbirine anyk göniburçluk görnüş mahsusdyr.
Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda Baku-Groznyý ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan «Embraer 190» ýolagçy uçary Aktau şäherinden üç kilometrlikde ýere gaçdy. Heläkçilikde 38 adam gurban boldy, 29 adam halas boldy.
Bu barada «regnum.ru» habar berýär.