Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Ýupekçi" öz önümleri bilen PRODEKSPO-2025 halkara sergisinde tanyşdyrýar

17:5204.02.2025
0
27120

3-7-nji fewralda Moskwadaky "Eksposenterde" geçirilýän PRODEKSPO-2025 iň iri halkara sergisinde türkmen alkogolsuz içgiler öndürijisi "Ýupekçi" öz önümleri bilen tanyşdyrdy.

"Ýupekçi" kompaniýasy sergide Bold, Bulwar, Pökgi, Näzli, Hoşal, Buzz, Real Cola ýaly brend içgileriň giň gerimi bilen tanyşdyrdy. Sergä gatnaşyjylar kompaniýanyň täze önümleri bilen tanşyp, olaryň hilini we tagam dürliligini bahalandyryp bilerler.

"Ýupekçi" Türkmenistanyň azyk senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hökmünde halkara bazarynda öz mümkinçiliklerini görkezýär. Bu kompaniýa eksport mümkiçliklerini hem işjeň giňeldýär we öz önümleriniň iň ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýändigini görkezýär.

"Ýupekçi" kompaniýasynyň diwarlygy CF88 belgi bilen çykyş edýär. Bu ýerde kompaniýanyň önümleri, olaryň artykmaçlyklary we ösüş geljegi barada giňişleýin maglumat almak bolýar.

"Ýupekçi" kompaniýasynyň doly önümleri bilen yupekchi.com saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň