Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gonkongyň hokkeýçileri 9-njy gyşky Aziýa oýunlarynda Makaonyň ýygyndysyny 26:1 hasaby bilen ýeňdiler

11:2204.02.2025
0
21053

Hytaýyň Harbin şäherinde geçirilýän IX Aziýa Gyşky oýunlarynyň hokkeý boýunça erkekleriň arasyndaky ýaryşyň ilkinji tapgyrynda Gongkongyň ýygyndysy Hytaýyň Makaosynyň ýygyndysyny 26:1 hasaby bilen ýeňip, uly ýeňiş gazandy. Duşuşyk Türkmenistanyň we Hindistanyň ýygyndylarynyň hem çykyş edýän «C» toparçasynda geçirildi.

Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji oýnuny 5-nji fewralda Makaonyň ýygyndysyna garşy geçirer, 6-njy fewralda bolsa hindistanly hokkeýçiler bilen duşuşar we toparlaýyn tapgyry 9-njy fewralda Gongkongyň ýygyndysynyň garşysyna oýnamak bilen tamamlar.

Günüň beýleki oýunlarynda Gyrgyzystanyň ýygyndysy Kuweýtiň toparyny goşmaça wagtda 9:8 hasaby bilen ýeňdi, Singapuryň ýygyndysy bolsa Bahreýniň toparyny 20:1 hasaby bilen ýeňip, uly üstünlik gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň