Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasiýalar boýunça Aşgabatda geçirilen forumyň tezisler ýygyndysy E-library saýtynda elýeterli boldy

10:3504.02.2025
0
23860

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda geçirilen «Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň netijeleri boýunça edilen çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň ýygyndysy ISBN belgisi berlip, RINC-de (Ylmy salgylanmanyň Russiýanyň indeksi) sanawynda hasaba alyndy.

Çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň ýygyndysy «Ylmy elektron kitaphananyň» (E-library) saýtynda elýeterli bolup, ol maslahatda görkezilen daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullarynyň ähmiýetini tassyklady – diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Garyşyk görnüşde geçirilen bu halkara maslahaty «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezdi – diýip, neşirde bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň