Türkmenistanda «Galkynyş» toparynyň Monakoda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi, Türkmenistanyň türgenleri gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Harbine geldiler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
2. Dabaranyň dowamynda «Galkynyş» toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 3 million manat möçberinde pul sowgatlary gowşuryldy.
3. Mundan başga-da, toparyň ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy. Milli at üstündäki oýunlar toparyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy gowşuryldy.
4. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew «Dutaryň owazy» atly Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Russiýada türkmen ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
5. Türkmenistanyň wekilleri Almatyda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika baglanyşyklary» taslamasy tarapyndan guralan energetika we howa pudagynda toplumlaýyn derňew boýunça üçünji we jemleýji sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Dünýäde
6. Kompýuter tehnikalaryny öndürijileriň iň irileriniň biri bolan «Dell» öz işgärleri üçin uzak aralykdan iş syýasatynyň ýatyrylýandygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň mart aýynyň başynda güýje girjek täze düzgünlere görä, «Dell» ofislerinden bir sagat uzaklykda ýaşaýan kompaniýanyň işgärleri hepdede bäş günüň dowamynda iş ýerinde bolmaly.
7. Hytaýly işläp düzüjiler gündelik işlerden başlap, ýeňil motorika çenli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirip bilýän özboluşly bionik el protezini döretdiler. Enjam ulanyjylara öz smartfonlaryny erkin dolandyrmaga, küşt oýnamaga, üm-yşarat dilini ulanmaga we hatda el işleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär.
Sport täzelikleri
8. Hytaýyň Harbin şäherinde 7-14-nji fewral aralygynda geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistan birden iki sport görnüşi boýunça ilkinji gezek çykyş eder. Şeýle derejeli ýaryşlarda şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça türkmen türgenleri ýurduň taryhynda ilkinji gezek çykyş ederler. Şeýle hem Türkmenistan hokkeý ýaryşyna gatnaşar, ýurduň milli ýygyndysy «С» toparçasynda Gonkongyň, Hindistanyň we Makaonyň ýygyndylarynyň garşysyna çykyş eder. Türkmen hokkeýçileri ilkinji duşuşygy 5-nji fewralda Makaonyň ýygyndysyna garşy geçirerler.
9. 9 – 16-njy fewral aralygynda Duşenbe şäherinde zenanlar toparlarynyň arasynda futzal boýunça Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň çempionaty geçiriler. Ýaryşa Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylary gatnaşar. Düzgüne laýyklykda, toparlar öz aralarynda aýlaw görnüşinde oýnarlar. Ýeňiji gazanylan utuklaryň esasynda kesgitlener. Türkmenistanyň milli ýygyndysy çykyşyny 9-njy fewralda Gyrgyzystanyň ýygyndysyna garşy oýun bilen başlar.