«Daşoguzobahyzmat» önümçilik birleşiginiň abatlaýyş zawody dürli oba hojalyk tehnikalary üçin zerur ätiýaçlyk şaýlarynyň 10-dan gowrak görnüşini öndürýär. Olaryň arasynda hatarara bejergiler üçin niýetlenilen kultiwatorlaryň, «CLAAS» kysymly traktorlaryň azallarynyň we boronalaryň dürli bölekleri taýýarlanylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berdi.
Zawod beýleki zatlar bilen bir hatarda kärhananyň özi üçin ulanylýan tehniki kislorody hem öndürýär. Zerur bolan halatynda zawodyň hünärmenleri sargytlar esasynda çäkli mukdarda beýleki ätiýaçlyk şaýlaryny hem öndürip bilýärler. Zawodda oturdylan häzirki zaman enjamlarynyň ýardamynda önümleriň ýokary hili üpjün edilýär.
«Daşoguzobahyzmat» önümçilik birleşiginiň önümçilik kärhanalary, Daşoguz welaýatynyň daýhan birleşikleri we hususy daýhan hojalyklar zawodyň hemişelik müşderileri hasaplanýar diýlip, habarda bellenilýär.