Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bilimli ädim» HJ Malaýziýanyň öňdebaryjy UCSI uniwersitetiniň wekili boldy

12:0303.02.2025
0
25450

Türkmenistanda ýokary bilim boýunça maslahat beriş hyzmatlaryna ýöriteleşen «Bilimli ädim» hojalyk jemgyýeti Malaýziýanyň iň iri hususy uniwersitetleriniň biri bolan — UCSI University bilen wekilçilik ylalaşygyny baglaşdy.

1986-njy ýylda döredilen UCSI University Malaýziýada ýokary bilim pudagynda tanalýan uniwersitetleriň biri hasaplanýar. Ýurduň paýtagty Kuala-Lumpurda ýerleşýän bu uniwersitetde häzirki wagtda 120 ýurtdan 12 000-den gowrak talyp okaýar. Bu bolsa özboluşly köp medeniýetli bilim gurşawyny döredýär. Okuw jaýy dürli ugurlar boýunça bakalawriatyň we magistraturanyň 150-den gowrak maksatnamasyny hödürleýär.

«QS World University Rankings» halkara reýtinginiň maglumatlaryna görä, UCSI Malaýziýanyň hususy uniwersitetleriniň arasynda birinji orunda durýar. Uniwersitet bilime öz innowasion çemeleşmeleri we işewür toparlar bilen ýakyn aragatnaşygy esasynda tanalýar — 4600-den gowrak hyzmatdaş kompaniýalar talyplara tejribelik we iş mümkinçiligini hödürleýär.

«Bilimli ädim» hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen talyplaryna UCSI uniwersitetine okuwa girmekde giňişleýin goldaw berer. Türkmenistanyň alty şäherinde wekilhanasy bolan bu kompaniýa geljekki talyplar üçin okuw meýilnamasyny saýlamakdan başlap, wiza meselelerini çözmek we ýaşamaga ýerleri üpjün etmek işlerine çenli ähli tapgyrlarda goldaw bermegi öz üstüne alýar.

«Biziň UCSI University bilen hyzmatdaşlygymyz türkmen talyplaryna Aziýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň birinde ýokary hilli bilim almak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz resminamalary tabşyrmakdan başlap, täze ýurda uýgunlaşmaga çenli ähli tapgyrlarda doly goldaw berýäris» diýip «Bilimli ädimiň» wekili gürrüň berýär.

UCSI University bilim maksatnamalarynyň giň görnüşlerini, şol sanda inženerçilik, işewürlik, lukmançylyk, derman senagaty, sungat we amaly ylymlar ýaly ugurlar boýunça maksatnamalary hödürleýär. Uniwersitetde enjamlaşdyrylan barlaghanalar, kitaphanalar we amatly umumy ýaşaýyş jaýlary ýaly häzirki zaman infrastrukturasy bar. Bu ýerde zehinli talyplar üçin dürli görnüşli talyp haklarynyň maksatnamalary göz öňünde tutulandyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Aşgabat ş. (+993 64) 52 94 85;
  • Balkanabat ş. (+993 63) 08 07 66;
  • Türkmenbaşy ş. (+993 71) 33 53 92;
  • Mary ş. (+993 71) 33 53 28;
  • Daşoguz ş. (+993 62) 31 05 54;
  • Köneürgenç ş. (+993 62) 31 08 63.

Salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: Balkan welaýaty, Balkanabat ş., 189-njy kwartal;
  • elektron poçtasynyň salgysy: bilimli.adim@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: hectm.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň