Babeş-Boýýai uniwersitetiniň (UBB) Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Bilimli ädim» hojalyk jemgyýeti Rumyniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Golaýda kompaniýanyň wekilleri hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we uniwersitetiň bilim infrastrukturasy bilen has içgin tanyşmak üçin Kluž-Napoka şäherinde ýerleşýän UBB-a iş saparyny amala aşyrdylar.
Saparyň dowamynda «Bilimli ädim» HJ-niň wekiliýeti uniwersitetiň esasy fakultetlerine baryp gördi, şunda himiýa-tehnologiýalar we informatika fakultetlerine aýratyn üns berildi. Himiýa-tehnologiýalar fakultetinde kompaniýanyň wekillerine döwrebap laboratoriýalar görkezildi, bu ýerde talyplar energetika, farmasewtika we material ylymlary pudagynda möhüm senagat meselelerini çözmegiň üstünde işleýärler. Informatika fakulteti emeli aň, kiberhowpsuzlyk we programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça innowasion maksatnamalary bilen haýran galdyrdy.
Çap edilen we elektron çeşmelere baý bolan uniwersitet kitaphanasy wekiliýetiň agzalarynda aýratyn täsir galdyrdy. «Bilimli ädimiň» wekilleri kitaphana gaznasynyň okuw prosesindäki ähmiýetini we ähli hünärler boýunça bilim alýan talyplar üçin elýeterliligini bellediler.
Uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda türkmen dalaşgärlerini kabul etmek işini ýeňilleşdirmek barada möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Taraplar Türkmenistanda UBB-niň bilim maksatnamalaryny ilerletmäge we girişiň ähli tapgyrlarynda talyplara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk meýilnamasy barada ylalaşdylar.
«Bilimli ädim» kompaniýasy dalaşgärler üçin resminamalary taýýarlamagy we giriş söhbetdeşliklerine taýynlamagy öz içine alýan doly goldawy üpjün edýär. Türkmenistanyň ähli iri şäherlerinde şahamçalarynyň hereket etmegi netijesinde, kompaniýanyň hyzmatlary ýurduň ähli ýerindäki talyplar üçin elýeterlidir.
UBB-e kabul edilmek barada has anyk maglumatlary almak üçin gyzyklanma bildirýän dalaşgärler «Bilimli ädim» bilen aşakdaky telefonlar arkaly habarlaşyp bilerler:
- Aşgabat (+993 64) 52 94 85;
- Balkanabat (+993 63) 08 07 66;
- Türkmenbaşy (+993 71) 33 53 92;
- Mary (+993 71) 33 53 28;
- Daşoguz (+993 62) 31 05 54;
- Köneürgenç (+993 62) 31 08 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: