Aşgabatdaky «Altyn Paradise Garden» restorany maşgala agzalary we dost-ýarlar bilen dynç almak üçin iň halanýan ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde zehinli sazandalaryň adaty bolmadyk atmosferany döredip, agşamlyk naharyny ýatdan çykmajak pursatlara besleýän anna gününiň agşamlary restoranyň esasy ajaýyp aýratynlygyna öwrüldi.
«Altyn Paradise Garden-iň» aşpezler topary tejribeli baş-aşpezleriň ýolbaşçylygynda hatda iň talapkär gurmanlary hem kanagatlandyryp biljek täsirli menýuny döretdi. Awtorlyk salatlary we birinji tagamlar bilen sazlaşykly utgaşýan mangalda taýýarlanylýan tagamlar hem restoranyň aýratyn buýsanjydyr. Has demokratik aşhanany halaýanlar üçin niýetlenen menýu bolsa meşhur tiz tagamlaryň giň görnüşini hödürleýär.
Restoranyň konditer önümleriniň menýusy-da aýratyn üns çekijidir. Bu ýerde her bir süýjülik aşpezlik sungatynyň hakyky eseridir.
«Biz «Altyn Paradise Garden» restoranyny her bir myhmanyň özüni özbaşdak, tapawutly duýjak ýeri hökmünde döretdik. Bu ýerde diňe bir lezzetli nahar iýmek bilen çäklenmän, ajaýyp aýdym-sazlardan lezzet alyp bilersiňiz, maşgalaňyz ýa-da dostlaryňyz bilen rahatlyk we myhmansöýerlik gurşawynda wagtyňyzy hoş geçirip bilersiňiz» diýip restoranyň wekili pikirini paýlaşýar.
«Altyn Paradise Garden» restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Gurbansoltan Eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy).
Telefon belgileri: (+993 65) 56 15 45, (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47.
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.