«ABC» teleýaýlymynyň žurnalistleri dünýäde iň meşhur dört belgili açar sözleriň sanawyny düzdüler. Munuň üçin maglumatlaryň keseki ellere gowuşmagyny anyklaýan «Have I Been Pwned?» saýtyndaky 29 million açar sözlerden peýdalanyldy. Netijede, iň köp ýaýran PIN-belginiň 1234 diýen san jemidigi anyklandy. Ony dünýäde her onunjy adam ulanýar.
Sanawda ikinji orunda 0000, üçünji orunda 1111 san jemi ýerleşdi. Ilkinji onluga şeýle hem 1212 we 4444 girdi. 4321 hem köp ulanylýar. Sanlaryň tertibini çalşyrmak netijesinde alynýan 1342 Pin-belgi meşhurlygy babatda 4-nji orunda durýar.
Ýeri gelende aýtsak, şeýle açar sözler serwislerde we sosial ulgamlarda hasaba durmak üçin däl-de, smartfony ýa-da islendik enjamy goramak, onlaýn-banklardaky şahsy otaga girmek üçin peýdalanylýar. Şol sanda žurnalistler 19 we 20 sanlaryň örän meşhurdygyny belleýärler, sebäbi adamlar öz doglan gününi PIN-belgileri düzmekde işjeň ulanýarlar. Netijede, iň köp ulanylýan Pin-belgileriň onlugyna 1986 we 2004 hem girdi. 5-den 8-e çenli sanlar bolsa az duşýar.