19-20-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň bu çärä taýýarlyk görlüşi bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, hökümetara toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew döwlet Baştutanynyň garamagyna Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk edýändigini, şunda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem netijeli ösdürilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.