Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Real" Çempionlar Ligasynyň pleý-offunda "Mançester Siti" bilen duşuşar

17:5531.01.2025
0
25777

Ispaniýanyň "Real Madrid" topary Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynda Angliýanyň "Mançester Siti" topary bilen oýnar. Tapgyryň bije atyşy anna güni Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçdi. Tapgyryň oýunlary 11-12 we 18-19-njy fewralda geçiriler.

Bije atyş şeýle netije berdi: "Brest" (Fransiýa) – "PSŽ" (Fransiýa); "Brýugge" (Belgiýa) – "Atalanta" (Italiýa); "Mançester Siti" (Angliýa) – "Real" (Ispaniýa); "Ýuwentus" (Italiýa) – PSW (Niderlandlar); "Monako" (Fransiýa) – "Benfika" (Portugaliýa); "Sporting" (Portugaliýa) – "Borussiýa" (Dortmund, Germaniýa); "Seltik" (Şotlandiýa) – "Bawariýa" (Germaniýa); "Feýenoord" (Niderlandlar) – "Milan" (Italiýa).

Çempionlar Ligasynyň finaly 31-nji maýda Mýunhende geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň