Almaty şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň demirýollarynyň, «Gazagystan demir ýolynyň», «Russiýanyň demirýollarynyň» we «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleriniň iki günlük duşuşygy geçirildi. Bu barada rail-news.kz habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berdiler. Duşuşykda Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan tä Eýranyň «Bandar Abbas» portuna barmak üçin amatly nyrh şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar bu ugurda ulaglaryň sanyny köpeltmäge we özara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda gazanylan şertnamalar barada beýannama gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.