Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sadyr Žaparow Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

22:3329.01.2025
0
16178
Sadyr Žaparow Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
Surat: newscentralasia.net

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda geçiriljek foruma çagyryp, onuň gatnaşmagynyň bu çäräni üstünlikli geçirmäge möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Sadyr Žaparow hem, öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy islendik amatly wagtda Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen çagyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň