Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly žurnalist balykly «düşeme» palawynyň has tagamly bişirilişiniň syryny açdy

13:4528.01.2025
0
19742

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habarçysy Çerkez Nyýazmämmedow türkmen halkyna mahsus bolan we dünýä aşpezçiliginde deňi-taýy bolmadyk bekre balykly «düşeme» palawyny taýýarlamagyň olaryň maşgalasynda gadymdan gelýän bişiriliş usuly bilen paýlaşdy.

Bu özboluşly tagamyň aýratynlygy onuň taýýarlanyş usulyndadyr: gazanyň düýbi hem gyralary ýarym bişen tüwi bilen düşelip, soňra bekre balygynyň bölejikleri, şeýle hem ýer almasyny, sogany, kişmişi hem-de erik kişdesini garyşdyryp, onuň üstünden ýazyp goýýarlar. «Düşeme» sözüniň özi palawyň bişirilişiniň bu usulyny hemmeler üçin indi aýdyň edendir.

Bu palaw ilkibaşda diňe Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde taýýarlanypdyr, emma häzirki wagtda bu tagama tutuş ýurduň restoranlarynda duşmak bolýar. Žurnalistiň sözlerine görä, hakyky düşeme palawyny taýýarlamak üçin ýörite tüwi sortlaryny - Daşoguzyň «Awangard» ýa-da «Elita» tüwüsini uzyn däneli «Han» tüwüsi bilen 2:1 gatnaşykda ulanmak maslahat berilýär.

«Düşeme» palawyny dadyp görenler üçin ondan gowy tagam ýokdur» — diýip, Nyýazmämmedow belleýär we bu naharyň türkmen halkynyň dünýä aşpezçilik sungatyna goşan goşandynyň aýdyň mysalydygyny nygtaýar. Adatça nahar uly tabakda berilýär we el bilen iýilýär. Alymlaryň pikiriçe, barmaklaryň ujundaky duýgur reseptorlaryň işlemegi bilen, nahary şunuň ýaly usulda iýmekligiň özi iýmitiň has gowy siňmegine ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň