Aşgabatda Leningrad şäheriniň faşistik gabawdan doly azat edilmeginiň 81 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölüminde gabaw döwründe Leningradda ýaşan Galina Mämmedowa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki orta mekdebiniň okuwçylary we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Galina Mämmedowa gabaw günleriniň pajygaly we gahrymançylykly wakalary barada öz ýatlamalary bilen paýlaşdy. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek «Gabaw çöregi» aksiýasy geçirilip, ol ýerde ähli gatnaşyjylara gabaw mahaly Leningradyň ýaşaýjylarynyň gündelik paýyna meňzeş bolan - 125 gram çörek bölegi paýlandy.
Çäräniň barşynda Türkmenistanyň halk artisti Gülnara Nuryýewa uruş döwrüniň aýdymlaryny ýerine ýetirdi, 9-njy synpyň okuwçysy Matweý Gulýaniski bolsa bu ýere gelenlere «Leningrad salýuty» atly goşgyny labyzly okap berdi.