Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwada Magtymguly Pyragynyň goşgularyna esaslanyp 40 ýyl ozal döredilen wokal sikliniň premýerasy bolup geçdi

16:3627.01.2025
0
14939

Kompozitor Konstantin Bataşowyň 1983-nji ýylda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyna esaslanyp ýazylan eseri ilkinji gezek Moskwada türkmen-rus aýdym-saz agşamynyň çäginde Niko Nikogosýan galereýasynda ýerine ýetirildi. Premýera meşhur türkmen akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maksatnamanyň bir bölegi boldy diýip, «Большая Азия» habar berdi.

Aýdym-sazly agşamda iki ýurduň medeni mirasynyň nusgawy eserleri täze kompozisiýalar bilen utgaşyklylykda ýerine ýetirildi. Olaryň arasynda Wena operasynyň solisti Awrelia Kras tarapyndan ýerine ýetirilen türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň Sergeý Ýeseniniň goşgularyna esaslanyp döreden «Şagane» romansy hem bar.

Pianinoçy Witaliý Ýegorow Magtymgulynyň poeziýasy bilen Bataşowyň döreden saz eseriniň arasyndaky aýratyn sazlaşygy şeýle belläp geçdi: «Şahyryň mende döredýän bu duýgulary Konstantin Bataşowyň sazynda takyk we inçe beýan edilýär. Saz goşgularyň şahyrana we täsirli tebigatyny edil bolşy ýaly açyp görkezýär».

Ýewraziýa we Afrika halklarynyň Assambleýasynyň ruhy medeniýet müdirliginiň başlygy Irina Polýakowanyň aýtmagyna görä, konsert medeni diplomatiýanyň ajaýyp mysaly bolup, iki halkyň sungat arkaly has-da ýakynlaşmagyna şert döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň