Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:4727.01.2025
0
23881

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär, Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň halkyny we hökümetini Respublika güni mynasybetli gutlady, Aşgabatda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weterany 97 ýaşady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini gutlady hem-de olaryň ýurduň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny goramakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrülendigini belledi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmua hem-de Premýer-ministri Narendra Modä Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini belläp, onuň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Samanta Mostine ýurduň milli baýramy – Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda General-gubernatora tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Awstraliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

4. Russiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri Beýik Watançylyk urşunyň weterany Antonina Pawlowna Prýaniçnikowanyň 97 ýaşyny gutlamak üçin onuň ýanyna bardylar. Uruş ýyllarynda ol Stalingrad şäheriniň golaýyndaky bombalamalardan weýran bolan demir ýollary dikeltmäge gatnaşypdyr. Prýaniçnikowa uruş döwründe Stalingrad şäheriniň golaýyndaky Ahtubinskde ýaşap, beýleki ýaşlar bilen bilelikde duşmanyň bombalamalaryna yzygiderli sezewar bolan demir ýolda abatlaýyş-dikeldiş işleriniň geçirilişine işjeň gatnaşypdyr. Mundan başga-da, ol dürli ýangynlary söndürmäge we ýaralananlara kömek bermäge hem gatnaşypdyr.

5. Nýu-Ýork şäheriniň «Türk öýünde» Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylarynyň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan bilelikdäki çeper filmi görkezildi. TÜRKSOÝ guramasynyň guramagynda geçirilen çäre köp sanly myhmanlary, şol sanda BMG-niň wekillerini we bu filme surata düşen artistleri ýygnady. Myhmanlar türki dünýäniň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

6. Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ilkinji gezek görnükli şotland şahyry Robert Býornsyň doglan gününe bagyşlanan dabaraly agşam gurady. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalarynyň agzalary we diplomatlar gatnaşdylar. Beýik Britaniýanyň ilçisi Stiwen Konlon beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň garaýyşlaryny kemala getirmekde möhüm orny eýeländigini, onuň mirasynyň bolsa ençeme nesillere ylham bermegini dowam etdirýändigini aýtdy. Edil şonuň ýaly-da, Robert Býorns şotland medeniýetine uly täsir edipdir we diňe bir Şotlandiýada däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda-da möhüm şahsyýetdir.

Dünýäde

7. Belarusda geçirilýän Prezident saýlawlarynyň deslapky netijelerine görä, häzirki döwlet Baştutany Aleksandr Lukaşenko saýlawçylaryň sesleriniň 86,82%-ini aldy.

Sport täzelikleri

8. Türkmen ММА söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow PFL-iň wise-prezidenti Kogan Maýka we operasion işler boýunça uly direktory Eduardo Kunha Lima milli türkmen egin-eşiklerini – içmek we tahýa sowgat berdi. Türgeniň PFL-iň ýolbaşçylary bilen duşuşygy «PFL Road to Dubai» ýaryşynyň çäginde boldy.

9. Türkmenistanyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýygyndysy 27 – 30-njy ýanwar aralygynda Doha şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugrady. Bu ýaryşda U11-den U19-a çenli ýaş toparlary boýunça medallar ugrunda bäsleşiler. Ýaryşa Aziýadan, arap ýurtlaryndan we Ýewropadan güýçli türgenler gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň