Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy rekord derejä ýetdi

09:3525.01.2025
0
12181
2024-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy rekord derejä ýetdi
Surat: newscentralasia.net

2024-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 94,82 milliard amerikan dollaryna deň boldy diýip, «Kazinform» agentligi habar berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, Hytaýyň Merkezi Aziýadaky esasy söwda hyzmatdaşlarynyň birinji basgançagyndan Gazagystan Respublikasy orun alypdyr. Geçen ýyl bu iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 43,82 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Bu ugurda ikinji ýerde Gyrgyzystanyň (22,71 milliard), üçünji ýerde bolsa Özbegistanyň (13,78 milliard) ady getirilýär. Dördünji orny Türkmenistan (10,65 milliard) eýelän bolsa, ilkinji bäşligi Täjigistan (3,86 milliard) jemläpdir.
2023-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 89,4 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygy 6,16 trillion amerikan dollaryna ýetdi. Geçen ýyl Hytaýyň daşary söwdadaky oňyn balansy (profisit) bolsa 1 trillion amerikan dollary töwregidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň