Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«SALAYIDIN TRADE» Türkmenistanda gurluşyk üçin giňişleýin çözgütleri hödürleýär

15:5524.01.2025
0
26589

«SALAYIDIN TRADE» kompaniýasy Merkezi Aziýada gurluşyk hyzmatlary bazaryndaky ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Önümleriň görnüşleriniň köplügi, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy we uly abraýy esasynda bu kompaniýa giň gerimli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde üýtgewsiz kömekçi boldy.

2013-nji ýylda esaslandyrylan gününden bäri «SALAYIDIN TRADE» hyzmat edýän geografiýasyny yzygiderli giňeldýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň Türkmenistanda, Dubaýda, Türkiýede we Hytaýda wekilhanalary bar. Şeýle ýerleşiş GDA ýurtlaryndaky müşderileriň isleglerine çalt jogap bermäge hem-de sebitiň iň uzak burçlaryny gurluşyk serişdeleri we enjamlary bilen üznüksiz üpjün etmäge ýardam berýär.

«SALAYIDIN TRADE» müşderilerine maslahat bermekden we amatly çözgütleri işläp düzmekden başlap, enjamlary eltip bermäge we gurnamaga çenli hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. «SALAYIDIN TRADE» gurluşyk taslamalaryňyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur serişdeler we enjamlar bilen ygtybarly hem-de öz wagtynda üpjün etmegi kepillendirýär. Öndürijiler bilen gönüden-göni hyzmatdaşlygyň netijesinde, kompaniýa önümleriň ýokary hilini we amatly bahalaryny kepillendirýär.

«SALAYIDIN TRADE» işläp gelýän ýyllarynyň dowamynda durmuş maksatly desgalary gurmak we nebitgaz senagaty üçin enjamlar bilen üpjün etmek ýaly köp sanly taslamany üstünlikli tamamlady. Kompaniýa hyzmatdaşlygyň ýokary hilini, takyklygyny we aç-açanlygyny kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • elektron poçta: info@salayidin.com;
  • telefon: (+993 71) 11 22 74;
  • web-saýt: salayidin.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň