Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Suwuň astynda 110 gün ýaşan germaniýaly inžener täze rekord goýmakçy

12:0324.01.2025
0
15743
Suwuň astynda 110 gün ýaşan germaniýaly inžener täze rekord goýmakçy
Surat: mir24.tv

Germaniýaly aerokosmos inženeri deňizlerde we ummanlarda ýaşap başlamagyň möwriti geldi diýip hasaplaýar. Ol eýýäm suwuň astynda 110 güni geçirdi we gury ýere dolanmakçy däl. Onuň maksady— täze rekord goýup, deňziň düýbünde ýene azyndan 10 gün bolmak diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.

Erkek kişi ýörite gurnalan suwasty gapda Karib deňziniň Panamanyň kenarlarynda ýaşaýar.

Onuň özboluşly öýüniň göwrümi 30 inedördül metre golaý. Inžener ony öz eli bilen ýasap, ähli zerur zatlar bilen üpjünläpdir. Onuň hemra interneti, telewizory, kompýuteri, krowaty we welotürgenleşik enjamy bar. Şeýle-de birnäçe ýelpewaçlar, gün batareýasy elektrik energiýasyny öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň