Nepalyň Hökümeti soňky on ýyla golaý wagtda ilkinji gezek Ewerest dagyna (8849 m) çykmak üçin tölegi ýokarlandyrmak barada karar kabul etdi. Bu barada Nepalyň Turizm edarasynyň direktory Naraýan Prasad Regmä salgylanýan «The Guardian» neşiri habar berdi diýip, «Report» ýazýar.
Indi planetanyň iň beýik nokadyna adaty günorta ugur bilen ýaz möwsüminde (martdan maýa çenli) münjek daşary ýurtlular üçin töleg 36 göterim, ýagny 11 müň dollar bolanlygyndan 15 müň dollara çenli artar. Şeýle-de sentýabr-noýabr aralygynda hem-de has seýrek barylýan dekabrdan fewrala çenli möwsümde tölegler 36 göterim gymmatlap, degişlilikde 7,5 müň we 3,75 müň dollara deň bolar.
Ýurduň häkimiýetleri şeýle-de daga münülen wagtynda hapalanmagynyň we betbagtçylykly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin birnäçe çäreleri girizdiler. Oňa görä, her iki daga münüji ýolbelet tutunmaly bolar. Şeýle-de daga münmegiň wagty 75 gün bolanlygyndan 55 güne çenli azaldylar.
Täze düzgün 1-nji sentýabrdan güýje giriziler.