Russiýanyň Prezidenti we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeş boldular. RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine görä, liderleriň söhbetdeşligi 1 sagat 35 minut dowam etdi.
Dostluk ruhunda geçen söhbetdeşlikde Putin we Szinpin 2025-nji ýylda bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýyl ýurtlaryň ikisinde-de Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy, 1937—1945-nji ýyllaryň ýapon-hytaý urşunda gazanylan ýeňiş we Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagyna bagyşlanan çärelere beslener.
Rus lideri Szinpini maý aýynda Moskwada geçjek Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga, Hytaýyň lideri öz gezeginde Putini sentýabrda Pekine sapara çagyrdy.
Gepleşikleriň barşynda şeýle hem halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu barada «Gazeta.ru» habar berdi.