Şu gün Moskwada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Halkara gatnaşyklary komitetiniň başlygy Grigoriý Karasinyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Federal Geňeşiň resmi habar bermegine görä, duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini bellediler.
Senator G.Karasin 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar esasynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolandygyny, häzirki günlerde bolsa ikinji foruma taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkmen tarapynyň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere hem işjeň gatnaşmagyna garaşylýandygyny nygtan senator türkmenistanly okuwçylaryň her ýyl geçirilýän medeni, aň-bilim taslamasyna gatnaşmagy bilen bagly meselelere ünsi çekdi.
Ilçi E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Russiýa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini belläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentarileri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda yzygiderli gepleşikleriň geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda Aşgabadyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Mundan başga-da, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyny bellemek üçin işjeň taýýarlyk görülýändigini söhbetdeşine habar berdi.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň häzirki ýagdaýy we ony ýokarlandyrmagyň ugurlary, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, şeýle-de 2025-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde parlamentara çäreleri geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.