Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

16:5621.01.2025
0
18494

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň, esasan hem DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi boýunça ýurduň borçnamalaryna laýyk gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalaryň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň