Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilaty üçin Özbegistanyň teleýaýlymlarynyň tölegsiz toplumy elýeterli boldy

13:5120.01.2025
0
19449

«Türkmen Hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «TürkmenÄlem 52°E» hemrasynda Özbegistanyň telewideniýesiniň we radiosynyň ýaýlymlarynyň toplumyny goşmak bilen, ýaýlym göwrümini giňeltdi. Orient neşiriniň habar berşi ýaly, täze teklipnamanyň möhüm artykmaçlygy onuň ähli ýaýlymlarynyň açyk elýeterlilikde tölegsiz bolmagydyr.

Täzelenen ýaýlym toplumyna her hili islegdäki dürli ýaýlymlar: habar beriş gepleşiklerinden we seljeriji synlardan başlap, güýmenje mazmunyna çenli bolan ýaýlymlar girýär. Tomaşaçylar filmleri, seriallary, degişme şüweleňleri we konsertleri görüp bilerler. Özbek däp-dessurlaryny we sungatyny beýan edýän medeni-bilim ýaýlymlaryna aýratyn üns berilýär. Sport janköýerleri üçin esasy ýaryşlaryň göni ýaýlymy elýeterli bolar.

Ýaýlyma birikdirmek çylşyrymly işi talap etmeýär - hemra resiwer enjamyňyzda ýaýlymlaryň sanawyny aşakdaky görkezijileri ulanmak bilen täzelemek ýeterlikdir:

• Hemra: «TürkmenÄlem52°E»
• Ýygylygy: 10926
• Polýarizasiýa: gorizontal
• Akym tizligi: 27500

Tomaşaçylar özbek dilinde ýokary hildäki gowy şekilde we sesde dürli ýaýlymlara, üstesine-de müşderi tölegsiz tomaşa edip bilerler.

Tehniki goldawy (+99312) 92-18-36 telefon belgisine jaň edip ýa-da https://www.turkmenhemrasy.gov.tm resmi saýty arkaly alyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň