Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «EXPO 2025 Osaka» gatnaşyjylaryň halkara mejlisine gatnaşdy

11:4519.01.2025
0
14085

15-16-njy ýanwarda Ýaponiýanyň Himeji şäherinde «ESKPO 2025 Osaka» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň halkara mejlisi geçirildi.

Duşuşyga «EKSPO 2025» bütindünýä sergisine gatnaşýan 100-den gowrak ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak «EKSPO 2025» bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan «EKSPO 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup, has takygy, serginiň açylyşynyň ertesi güni 14-nji aprelde Milli gününi geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň