Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýa Kubogy saýlama ýaryşynda ilkinji ýeňşini gazandy

17:3617.01.2025
0
21800

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy 2025-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynyň 3-nji tapgyrynda Kuweýtiň ýygyndysyny 4:3 hasabynda ýeňdi. Oýun «C» toparçasynyň ähli oýunlarynyň geçirilýän ýeri bolan Daşkentde boldy.

Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Perwana Gurbanowa iki gol, Mariýa Çaryýewa we Suraý Mammetsähedowa bolsa hersi bir goldan geçirdiler.

Kamil Mingazowyň şägirtleri üçin bu ýeňşi Awstraliýadan (1:6) we Filippinlerden (0:2) ýeňlişlerinden soň saýlama ýaryşyndaky ilkinji ýeňşi boldy.

Türkmenistanyň ýygyndysy indiki oýnuny ýaryşyň meýdança eýesi Özbegistanyň ýygyndysyna garşy geçirer. Duşuşyk 19-njy ýanwarda Daşkentde sagat 18:00-de başlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň