Türkmenistan Sloweniýany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara çagyrdy, Aşgabatda «Broadway and Beyond» atly bilelikdäki türkmen-amerikan konserti geçirildi, Türkmenistan we Şweýsariýa ykdysadyýet we ekologiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň ilçisi Esen Aýdogdyýew we Sloweniýanyň Döwlet sekretary Marko Ştusin iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Lýublýana şäherinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy gatnaşyklary güýçlendirmek, şol sanda halkara guramalaryň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek bilen bagly meselelere özara gyzyklanma bildirdiler.
2. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Brodweýiň sazlaryny we türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini özünde jemleýän amerikan we türkmen artistleriniň giň gerimli bilelikdäki konserti geçirildi. Konsertde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri we ýurduň Döwlet horunyň aýdymçylary bilen bilelikde amerikaly artsitler Keýt Bass, Aaron Ýang hem-de Riçard Staýgner çykyş etdi. Maksatnama Brodweýiň sazlaryndan we Disneý multfilmlerinden belli kompozisiýalary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserlerine döredilen aýdymlary öz içine aldy.
3. Şweýsariýanyň Federal Daşary işler edarasynda Türkmenistanyň ilçisi Wepa Hajyýew bilen Döwlet sekretarynyň ýörite geňeşçisi Anýa Zobristiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, syýasy hyzmatdaşlyk, köptaraplaýyn platformalaryň çägindäki hyzmatdaşlyk hem-de hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek ýaly meselelere garaldy.
4. Şu ýyl halkara «Diplomatic World» žurnaly Türkmenistana bagyşlanan ýörite sany taýýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen «Diplomatic World» institutyny esaslandyryjy Barbara Ditrihiň arasynda geçirilen duşuşykda ylalaşyldy. Žurnalyň ýörite sany okyjylara parahatçylygy berkitmek, hoşniýetli gatnaşyklary we dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrundaky möhüm wakalar, Türkmenistanyň başlangyçlary we üstünlikleri barada gürrüň berer.
Dünýäde
5. Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian resmi sapar bilen Moskwa geldi. Saparyň dowamynda Pezeşkian Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirer we şondan soň ýurtlaryň arasynda toplumlaýyn strategiki hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Öňde boljak duşuşykda iki ýurduň Liderleriniň arasynda üçünji duşuşyk bolar. Putin we Pezeşkian ozal geçen ýylyň oktýabr aýynda iki gezek – Aşgabatda geçirilen halkara forumda we Kazanda geçirilen BRICS sammitinde duşuşypdy.
Sport habarlary
6. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri bilen ýaş oýunçylary taýýarlamak we zehinleri gözlemek boýunça meýilnamalary işläp düzmek boýunça onlaýn gepleşikler geçirdi. Taraplar ýaşlar futboly ulgamynda geljegi uly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
7. Gruziýanyň futbolçysy Hwiça Kwaratsheliýa Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparyna geçmezden ozal Italýanyň «Napoli» toparynyň muşdaklary bilen hoşlaşyk wideo ýüzlenmesini ýazgy etdi. Ozal habar beriş serişdeleri Kwaratsheliýanyň Italiýanyň «Napoli» toparynda «PSŽ-ä» 70 million ýewro geçjekdigini habar berdiler. Şertnama 2029-njy ýylyň iýun aýyna çenli dowam eder. 23 ýaşly Kwaratsheliýanyň zähmet haky ýylda 9 million ýewro we bonus hökmünde 2 million ýewro bolar.