Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Berk–Metal» hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

11:4717.01.2025
0
21846

Türkmenistanyň hojalyk himiýa serişdeleri bazarynda çalt ösýän kompaniýa bolan «Türkmen Berk–Metal» hususy kärhanasy ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň gerimini giňeldýändigini habar berýär.

Kompaniýa halkara standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli ýuwujy serişdeleriň giň toplumyny öndürmäge ýöriteleşendir. «Türkmen Berk–Metalyň» önümleriniň hatarynda kir ýuwujy serişdeler, tegmilleri aýryjy, şeýle hem «Emaý», «Güneş», «Sar», «Ari» hem-de «Arýa» haryt nyşanly aşhana we hammam üçin niýetlenen arassalaýyş serişdeleri bar.

Döwrebap önümçilik kuwwaty «Türkmen Berk–Metal» kompaniýasyna ýylda 50 000 tonna ýuwujy serişdäni öndürmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýa önümçilikde ekologiýa taýdan arassa goşundylary ulanyp, önümleriniň daşky gurşawa howpsuz bolmagyna uly üns berýär.

Hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänler şu aşakdaky salgylar boýunça habarlaşyp bilerler:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com;
  • sosial media ulgamyndaky salgysy;
  • elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň