Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Klinton, Buş we Obama Trampyň kasam kabul edişi bilen bagly günortanlyk naharyna gatnaşmaz

10:5117.01.2025
0
14653
Klinton, Buş we Obama Trampyň kasam kabul edişi bilen bagly günortanlyk naharyna gatnaşmaz
Surat: report.az

ABŞ-nyň öňki liderleri – 42-nji Prezident Bill Klinton, 43-nji Prezident Jorj Buş-kiçi hem-de 44-nji Prezident Barak Obama Donald Trampyň 20-nji ýanwarda boljak inagurasiýasyna gatnaşmaz. Bu barada NBC telekompaniýasyna salgylanýan TASS habar berdi.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Obama we Klinton günortanlyk naharyna çakylyk aldylar, emma oňa gatnaşmagy meýilleşdirmeýärler.

Emma öňki Prezidentleriň üçüsi hem Trampyň geljek duşenbede boljak kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşarlar.

Adatça, dabaradan soňra ygtyýarlylyk möhleti tamamlanan öňki Prezident Waşingtony terk edýär. Kasam kabul edişde çykyşyndan soňra täze Prezident özünden öňki Prezident bilen Kapitoliý köşgüne dolanyp gelýär we dabaraly günortanlyk naharyny berýär. Bu däp 1953-nji ýylda ýurduň 34-nji Prezidenti Duaýt Eýzenhauer tarapyndan ýola goýuldy diýip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň